TEHNOLOGIÝA

“iPhone” telefonlaryna täze funksiýa goşular

ABŞ-nyň dünýä belli “Apple” korporasiýasy öz smartfonlaryny täze bir funksiýa bilen üstüni ýetirmegi maksat edinýär. Ol hem galtaşyksyz töleg hyzmaty.

Täze funksiýa arkaly bank kartany “iPhone” smartfonyna dakmak bilen harytlar ýa-da hyzmatlar üçin töleg töläp bolar.

Bu ugurdaky tehnologiýanyň üstünde 2 ýyldan bäri iş alnyp barylýar. Hususan-da, Kanadanyň ” Mobeewave” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

“IPhone” telefonlaryndaky bank karty hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän “Apple Pay” töleg aýratynlygy ýaly, täze smartfonlara guruljak “NFC” çipi arkaly täzeçil ulgam döretmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda “IPhone” telefonlary diňe özüne bagly terminallarda töleg kabul edip bilýär.

Täze funksiýa köp sanly “IPhone” telefonlary üçin elýeterli bolar. Ýakyn döwürde iOS amal ulgamynda nobatdaky üýtgeşikler giriziler.

 

“Samsung” girdejisini ýokarlandyrdy

Related posts

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar

Älem giňişligine syýahat näçe sagat?

 Welosiped öndürmekde iň öňdebaryjy ýurt