DÜNÝÄ

Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagy boýunça gepleşikler geçirildi

Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başlyklary çykyş etdiler, Bilermenler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli maglumatlary diňlenildi, şeýle-de bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisiniň teswirnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler taraplaryň bilelikdäki işinde gazanylan öňe gidişlikleri kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar şeýle-de Bilelikdäki ylalaşygyň degişli goşundylarynyň tiz wagtda ylalaşylmagy babatynda özara düşünişdiler.

Bilermenler toparyna geljekki potratçy-maýadaryň gyzyklanmalaryna dahylly bolan degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy bilen bagly bolan hereketleriň işjeňleşdirilmegi tabşyryldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

 

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler