TEHNOLOGIÝA

Awtoulag pudagynda german-hytaý hyzmatdaşlygy

Germaniýanyň «Mercedes-Benz» awtoulag öndüriji kompaniýasy bilen Hytaýyň «Contemporary Amperex Technology Co. Limited» (CATL) akkumulýator öndürýän şereketi geljegiň akkumulýatorlaryny işläp düzmek babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.

Iki kompaniýa, “Mersedes-Benz” awtoulaglaryny üpjün etjek häzirki zaman batareýa tehnologiýasynyň ähli ulgamyny öz içine alýan hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Ylalaşyga görä, indiki ýyl müşderilere gowşuryljak “Mersedes-Benz EQS” elektrik lýuks sedanlary, zarýad bermezden 700 km-den gowrak aralygy geçip bilýän CATL batareýalary bilen üpjün ediler. Şol bir wagtyň özünde, bu batareýalar bar bolan modeller bilen deňeşdirilende, goşa zarýad beriş tizligine eýe.

 

Related posts

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

Kömürturşy gazyny özüne siňdirýän awtoulag öndürildi

Ata Watan Eserleri