TEHNOLOGIÝA

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Bütin dünýäde 5G – ykjam aragatnaşygyň täze nesliniň abonentleriniň sany üçünji çärýekde 163 million artyp, 2,1 milliard boldy.

Şwesiýanyň telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji “Ericsson” kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji takmynan 2,27 milliard bolar. Şeýlelik bilen, 5G abonentleri dünýädäki ähli ykjam abunalaryň dörtden bir bölegini tutar.

Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, olaryň sany 2030-njy ýylda 6,35 milliard bolar, bu bolsa ykjam abonentleriň umumy mukdary 67 göterime barabar bolar.

Häzirki wagtda dünýäde takmynan 320 prowaýder 5G aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.

“Ericsson”, şeýle hem 2030-njy ýylda 6G ulgamynyň giriziljekdigini çaklaýar.

Related posts

Kitapmy ýa-da telefon

“Apple” planşet bazarynda öňdeligi eýeleýär

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýylda ilkinji trillioner bolar