DÜNÝÄ

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna başlandy. Ak bugdaý, Çärjew, Wekilbazar etraplaryndaky bugdaýly meýdanlarda welaýatlar boýunça möhüm möwsüme badalga berildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

  • «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektarda bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna 400 müň tonna hasyl tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
  • Lebap welaýatynda 130 müň gektar bugdaýdan 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär.
  • Mary welaýatynda bolsa 170 müň gektarda bol hasyl ýetişdirilip, 345 müň tonna galla ýygnamak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglanyşykly geçirilen geňeş-maslahatlarda döredilen ýörite toparlaryň öz işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidikleri, howpsuzlyk çäreleri hakynda-da gürrüň edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, 3 sebitde hem şu günden gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişildi we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalar edildi. Orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsümde doly güýjünde ulanylar, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işi üpjün ediler.

Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa galla oragyna 10-njy iýunda başlanar.

 

 

Ýurdumyzyň instituty Aziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy