DÜNÝÄ

Türkiýäniň Kyrykkale uniwersitetinde Türkmenistan maslahaty

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy  we 2020-nji Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň Kyrykkale uniwersitetiniň arasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly wideo şekilli maslahat guraldy diýlip Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň web saýtynda aýdylýar.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Ilçihananyň wekilleri, Kyrykkale uniwersitetiniň rektory Ersan Arslan, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş  uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew, Türkiýäniň Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň Ykdysady we dolandyryş ylymlary fakultetiniň mugallymy hem-de Ankara krizis we syýasaty öwreniş merkeziniň başlygy Professor Doktor Mehmet Seýfettin Erol we agzalan uniwersitetleriň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň milli, sebit we halkara ölçeglerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky ähmiýeti, şeýle hem Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň dünýä ösüşiniň gün tertibine girýän wajyp meseleler, hususan-da energiýa howpsuzlygy, ulaglar we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça möhüm halkara başlangyçlary barada Türkmenistanyň Türkiýedäki  ilçisi Işanguly Amanlyýewiň wideoslaýt arkaly giňişleýin çykyşy boldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew, bu uniwersitetiň mugallymy Nazar Mämmedow, Ankara krizis we syýasaty öwreniş merkeziniň başlygy Mehmet Seýfettin Erol, Kyrykkale uniwersitetiniň prorektory Mehmet Başalan hem-de çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusynyň ähmiýeti we halkara derejesindäki orny barada bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi