DÜNÝÄ

Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Bu halkara derejeli çärä dünýäniň onlarça ýurdundan wekiliýetler gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Milli gününiň dabaralaryna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň sergisi üçin dörediljek milli platforma ýurduň ykdysady, medeni hem-de innowasion ösüş mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmegi maksat edinýär. Platformanyň çäklerinde energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, arassa energiýa, sanly ulgam, şeýle hem taryhy-medeni miras bilen bagly maglumatlar ýerleşdiriler.

Türkmenistanyň Milli güni aýratyn baýramçylyk çäreleri bilen bellener. Bu gün milli medeniýetimize degişli çykyşlar, halk döredijiligi bilen tanyşdyryş çäreleri, amaly-haşam önümleriniň sergisi guralyp, gatnaşyjylara milli tagamlar hödürlener.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan daşary ýurtly işewür toparlar bilen duşuşyklar, hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler, şeýle hem maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrýan forum geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

«EKSPO-2025» sergisine gatnaşmak ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň has-da berkidilmegine ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary