JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherindäki Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammitine gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, geçen ýyl amala aşyrylan ýokary derejedäki taryhy saparlarda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dürli derejedäki işjeň aragatnaşyklar we alyş-çalyşlar, Hökümetara toparynyň soňky mejlisiniň netijeleri, söwda dolanyşygynyň ösüşi we ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy aýratyn kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýe hem Şabat-Daşoguz serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň ýola goýulmagy, şeýle hem energetik, iinženerçilik, ulag we logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda möhüm hyzmatdaşlyk taslamalary babatda pikir alyşmalar boldy.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri  we meýilleşdirilýän çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy