JEMGYÝET

Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi.

Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – “COVID-19” koronawirusynyň  dünýä ýetiren ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça birnäçe derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov