JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine Watan atly ahalteke bedewi sowgat berildi

Şu gün ýurdumyzda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününiň şanly 35 ýyllygy giň gerimde bellenildi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimize “Watan” atly ahalteke bedewi sowgat berildi.

Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar.
2024-nji ýylda doglan Watan atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sowgat berildi. Watan atly bu naýbaşy bedew Hankerwen we Şaperi diýen bedewleriň neslindendir.
Ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Related posts

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar

AÖB bilen TOPH taslamasy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň nebit ministriniň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri