Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý tarapynyň wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Şolaryň hatarynda:
- Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen «YUHANTECH Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat edişde innowasiýalar we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
- Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «LS Cable & System» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «DAEWOO Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Garagum derýasynyň 850 — 1100 km aralygynda hereket edýän suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze suw hojalyk desgalaryny gurmak» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen «Yousung Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Seul milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda ylmy we akademik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «Yonhap» habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Songýungwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
- Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
