DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri «Suwdaky Formula-1» ýaryşyna badalga berdiler

Resmi däl Konsultatiw duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Yssyk-Köl kölünde motorly suw sporty boýunça Gyrgyzystanyň Gran-prisiniň dabaraly açylyş dabarasyyna gatnaşdylar.

Liderler bäsleşigiň gatnaşyjylaryny we myhmanlaryny mähirli salamladylar.

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilelikde türgenleriň kwalifikasiýa ýaryşyna syn etdiler.

Gran-pri «Suwdaky Formula-1» hökmünde belli bolan we Halkara motorly suw sporty birleşiginiň (UIM) howandarlygynda geçirilýän F1H2O dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrydyr. Bäsleşiklere her ýyl dürli ýurtlardan hünärmen toparlar we türgenler gatnaşýarlar. Merkezi Aziýada dünýä çempionatynyň tapgyry ilkinji gezek geçirilýär.

Bäsleşikler türgenleşikleri, kwalifikasiýa ýaryşlaryny we sagatda 220 km-den gowrak tizlik alýan ýokary tizlikli gaýyklardaky esasy ýaryşy öz içine alýar.

Related posts

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Tailand ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi

Bahreýniň we Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi