JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilyetiň Gaaga şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktory Ýost Flamand we Niderlandlaryň Patyşasynyň Kabinetiniň direktory Frans Prinsen bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Niderlandlarda ahalteke bedewlerine we Türkmenistanynyň milli atçylyk däp-dessurlaryna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara çärelere taýýarlyk barada giňişleýin maglumat berdi. Limburg welaýatynyň Peelbergen atçylyk-sport merkezinde 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasyna aýratyn üns berildi.

Geçiriljek bu wakanyň diňe bir dünýä belli ahalteke atlarynyň üýtgeşik häsiýetlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüljekdigi bellenildi.

Türkmen tarapy niderland tarapynyň wekillerini meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy, olaryň esasy maksatlary, formaty we halkara ähmiýeti bilen tanyşdyrdy.

Niderlandlaryň wekilleri bu başlangyca ýokary baha berip, çäreleriň geçirilmegini goldaýandyklaryny we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olary ýokary derejede guramaga ýardam bermäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy, resmi wekilleriň gatnaşmagy we iki ýurduň degişli düzümleriniň arasyndaky guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada hem pikir alşyldy. Taraplar syasy-diplomatik gepleşikleri, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary anyk ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýän konstruktiw özara hyzmatdaşlygy we täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Related posts

Aşgabatda türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikler geçirilýär

Türkmenistan-GDA: söwda dolanyşygy 2,6 milliard dollar

Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlaryna wiza ýeňilligi

vepa