JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda suw hojalygynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Royal IHC» we «Damen Shipyards» gämi gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary,  «IHE Delft» Suw bilimi institutynyň rektory we dolandyryjy direktory professor Grem Juit bilen duşuşyklar geçirildi. Saparyň maksatnamasynda Kinderdeýk şäherindäki «Royal IHC» kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşmak hem göz öňünde tutuldy.

Gepleşikleriň dowamynda suw serişdelerini dolandyrýan ugurlarda türkmen-niderland hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi, döwrebap suw tygşytlaýjy we inženerçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, bu ugurda bilim we öňdebaryjy tejribäni alyşmak barada giňişleýin pikir alşyldy.

Dünýäniň öňdebaryjy niderland kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen täze tehniki çözgütleri ulanmak, degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar suw desgalaryny dolandyrýan, olaryň ulanyş häsiýetnamalaryny gowulandyrýan we suw hojalygy işiniň netijeliligini ýokarlandyrýan taslamalary durmuşa geçirmekde döwrebap tehnologiýalardan we ýöriteleşdirilen enjamlardan peýdalanmagyň geljegini gözden geçirdiler.

«Royal IHC» we «Damen Shipyards» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary we kärhanalary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Niderland kompaniýalarynyň gämi gurluşygynda, düýbüni çuňlaşdyryş işlerinde we suw hojalygy hem-de infrastruktura taslamalary üçin ýöriteleşdirilen tehniki çözgütleri döretmekde uly tejribesi bellenildi.

Türkmen tarapy niderland hyzmatdaşlarynyň öňdebaryjy işläp düzmelerini we amaly tejribesini öwrenmäge, şeýle hem özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin anyk ugurlary kesgitlemäge gyzyklanma bildirdi.

«IHE Delft» institutynda geçirilen duşuşykda esasy üns bilim, ylmy barlaglar we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga gönükdirildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň degişli institutlary we ýokary okuw mekdepleri bilen «IHE Delft» institutynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle özara hyzmatdaşlygyň suw serişdelerini dolandyrmaga döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmaga, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edip biljekdigi bellenildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde niderland guramalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Limburg welaýatynyň Peelbergen atçylyk-sport merkezinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Related posts

Asya oyunları kültürel etkinlikleri yapıldı

vepa

Hazynamyzy Tygşytly Sarp Edeliň!

vepa

Ýaponiýada mikrotolkunly peçlerden ýüz öwrülýär

vepa