JEMGYÝET

100 ýylda 3 gezek göründi

Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň golaýyndaky deňiz kenarynda seýrek duş gelýän waka boldy. Bu ýerde 100 ýylda 3 gezek görünen gök kiti täzeden görmek mümkinçiligi döredi. Ýabany haýwanlary goramak boýunça ygtyýarlylar Sidneýiň kenarynda gök kitiň görnendigini mälim etdiler. Bu gök kitiň bu sebitde soňky 100 ýylyň dowamynda 3 gezek görnendigi bellenilip geçilýär.

Milli seýilgähler we ýabany durmuş hyzmatlary edarasy bu wakanyň örän seýrek duş gelýän wakadygyny tassyklady. Dünýädäki iň uly jandarlaryň biri hasaplanýan gök kitleriň kenara örän seýrek golaýlaýandygy aýdylýar.

Gök kitiň adaty şertlerde Sidneýiň kenarynda görünmän geçip gidip biljekdigi hem bellenilýär. Bu jandar köp duş gelinýän jandar däl. Sebäbi deňizleriň örän daş böleklerinde ýaşaýarlar. Olaryň ýaşaýan ýerleri babatda örän çäkli maglumatlar bar.

Bu kitiň uzynlygy 25 metrden, agramy 100 tonnadan gowrak bolup biler.

 

Related posts

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Dawosda Bütindünýä ykdysady forum geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

Ata Watan Eserleri