JEMGYÝET

Rodri «Mançester Sitiden» «Barselona» geçdi

Rodri «Mançester Sitiden» «Barselona» geçdi. Kataloniýanyň kluby 30 ýaşly ýarymgoragçynyň transfer edilendigini mälim etdi. Futbolçy bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, «Mançester Siti» bonuslary hem hasaba alanyňda, transfer üçin 76,5 million ýewro alar. Ilkinji tölegiň möçberi bolsa 60 million ýewro bolar.

Rodri 2019-njy ýyldan bäri «Mançester Sitiniň» düzüminde çykyş edip gelýärdi. Ol iňlis klubynyň düzüminde 13 kubok gazandy: Angliýanyň Premýer-ligasynyň 4 çempionlyk titulyny, Angliýanyň kubogyny 2 gezek, Angliýanyň Liga kubogyny 3 gezek, Angliýanyň Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublar arasyndaky dünýä çempionatyny gazandy.

2024-nji ýylda Rodri «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Awazadaky foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti emele gelýär