BIZNES

Türkmenistandaky önümçilikde hususy pudagyň paýy 67 göterime ýakynlaşdy

Türkmenistanda önüm öndürilişi boýunça hususy işewürleriň paýy barha artýar. Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowyň ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde habar berşi ýaly, önümçilikde hususy pudagyň paýy 66,9 göterime ýetdi.

Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Bu bolsa, ýurdumyzda orta möhletli geljekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berer diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu wajyp ugurlar boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Komitetiň başlygynyň hasabatynda hem aýdylyşy ýaly, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň önümçiliginiň mukdarynyň ýokarlanandygy hasaba alyndy.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri