JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy gurlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iş maslahatynda obasenagat toplumyna degişli desgalaryň gurulmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy -barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyny, olaryň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň degişli ugruň ösdürilmeginde möhüm ornuň eýelejekdigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň, ýyladyşhananyň, dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmalydygyny belläp, talyplaryň ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, zyýankeşlere garşy göreşmek endiklerini özleşdirmeklerine ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler