JEMGYÝET

Ýene bir futbol ýyldyzy öýlendi

15-nji iýunda Madridiň «Real» klubynyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Serhio Ramos teleŽurnalist Pilar Rubio bilen durmuş gurdy. Jübütleriň nika toýy Sewilýa şäherinde bolup geçdi.

Toýa Serhio Buskets, Roberto Karlos, Jordi Alba, Florentiono Peres, Luka Modriç, Dewid Bekhem, Alwaro Morata, Santi Kasorla ýaly futbol dünýäsiniň meşhur kişileri gatnaşdy.

«Marca» neşiriniň ýazmagyna görä, 500 ýakyn myhmanyň gatnaşan dabarasyna Zineddin Zidan, Garet Beýl, Žerar Pike, Karim Benzema, Iker Kasilýas, Mariano Dias, Tibo Kurtua, Winisius we Isko ýaly käbir futbolçylardyr tälimçiler dürli sebäplere görä baryp bilmediler.

Ispaniýanyň başga bir meşhur neşiri AS-yň ýazmagyna görä, toýa «Realyň» ozlaky ýyldyzy Kriştianu Ronaldo çakylyk iberilmedi. Neşir portugaliýaly ýyldyz «Ýuwentusa» geçensoň, Ramos bilen dostlukly gatnaşyklarynyň arasy açyldy.

 

Related posts

Telefon bazarynyň öňdebaryjysy

vepa

Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi

Türkmenistanyň gazynyň Türkiýe we Ýewropa ugry üçin 1 aýda mehanizm işlenip düzüler