BIZNES

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ işewürlik platformasyny döredýär

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ-nyň arasynda döwlet-hususy pudagyň dialogyny güýçlendirmek maksayd bilen işewürler platformasyny (Business 5+1) döredýär. Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we ABŞ bu platformanyň döredilmegine gatnaşar. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Işewürlik platformasynyň maksady sebitleýin ykdysady integrasiýa, özgertmeler, döwlet-hususy dialogy, innowasiýa we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysady howpsuzlygy ösdürmekden ybaratdyr.

“Business 5 + 1” platformasynyň ilkinji ýygnagy 2024-nji ýylda Almatyda (Gazagystan) geçiriler. Bu işewürlik platformasy “C5 + 1” formatynyň üstüni ýetirer we Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirer.

Related posts

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler

USAID kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin sanly we maliýe sowatlylygy boýunça webinary gurnar

Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde ygrarly