JEMGYÝET

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagyndaky wekiliýetiň hem-de türkmen tarapynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň çäklerinde Lu Ban ussahanasynyň açylmagy degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin uly ähmiýetli okuw-önümçilik merkezine öwrüler. Bu taslamany amala aşyrmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Dabara gatnaşyjy myhmanlar Lu Ban ussahanasynyň birinji biologiýa tejribehanasy hem-de birinji maglumat-tehnologiýalar otagy bilen tanyşdylar. Hytaýly hünärmenler Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň biologiýa tejribehanasynyň häzirki zaman barlaghana enjamlary we maglumat-tehnologiýalarynyň sanly serişdeleri boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Şeýle-de okuwlaryň çäklerinde amaly sapaklar geçirilip, täze enjamlar bilen işlemek, olaryň tehniki mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça hünär başarnyklary kämilleşdirildi.

Ussahanada gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň biologiýasy we gözlegi, maglumat ugurlary hem-de tehnologiýalary bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy