Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Oňa “Atawatan Meda” topary hem gatnaşdy.
Bu maslahat suw pudagyna ünsi jemläp, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmak, sebitiň ýaşaýjylary we ykdysadyýetleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmegi maksat edindi.


Dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat ýurdumyzyň döwlet edaralary, ylmy jemgyýetçilik guramalary, Daşky gurşawy goramak ministrligiň we maliýe guramalaryň hünärmenlerini bir ýer jemläp, pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.




Maslahata başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar türkmen tebigatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Soňra Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahaty açyp, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazowa söz berdi. Ministr öz çykyşynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abdançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, ” Ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ilkinji nobatda sebitiň ýurtlary, şol sanda doganlyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen tagallalary birleşdirmek we bu ugurda özara tejribe alyşmaklyga uly ähmiýet berýär. Eýeleýän meýdany 4 million killometr kwadrata golaý we 83 milliondan gowrak ilaty özünde jemleýän Merkezi Aziýa sebiti özüniň özboluşly tebigaty, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan sebitdir.” diýip belledi.






Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri öz çykyşynda Aral deňziniň guramagynyň netijesinde sebitde emele gelýän durmuş-ykdysady we ekologiki meselelere ünsi çekip, şeýle diýdi:
– Aral deňziniň guramagynyň netijesinde duzly tozanlaryň ýaýramak derejesine görä 5 sany zolaga bölünip, Türkmenistanyň Demirgazyk sebitleri 4-5-nji täsir zolagyna degişlidir. Bu zolakda her ýylda her gektara ortaça 500 kg çenli dürli duzly tozan bölejikleri düşýär. Munuň täsirini peseltmek üçin tokaýlaryň eýeleýän meýdanyny giňeltmek zerurdyr. Bu ugurda Türkmenistanda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Bötendag belentliginde 20 müň gektar meýdanda şol ýere mahsus ösümlikler bilen tokaýlaşdyryldy. Mundan başga-da, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda häzirki wagtda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň hersinde 10 müň ga meýdany tokaýlaşdyrmak işi dowam etdirilýär.
Şeýle hem maslahatda edilen çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen baglylykda sebitde suw gorlarynyň azalmagy, çölle;me. buzluklaryň eremegi ýaly meseleler boýunça garaýyşlar beýan edildi.
Maslahatda Bütindünýä bankynyň Howanyň üýtgemegi boýunça bütindünýä direktory Waleri Hiki, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak» maksatnamasynyň direktory Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Narine Saakýan dagy çykyş etdi.
Maslahat birnäçe plenar mejlislerde dowam etdirildi. Olarda «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler», «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek: sebitleýin we milli çemeleşmeler», “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreler üçin maýa goýumlary meýilleşdirmek we çekmek boýunça çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişi” ýaly ugurlarda çykyşlar diňlenildi.