JEMGYÝET

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

2026-njy ýylyň 21-nji maýy-11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, Türkmenistandan 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

Related posts

Türkmenistan dijitalleşmede emin adımlarla ilerliyor

vepa

Erkinlikleriň mekdebi

vepa

Mekgejöwen meýdançasyna gondy

vepa