JEMGYÝET

Türkmen dzýudoçylar Ýewropa çempionatynda 2 altyn medal gazandy

Türkmenistanyň dzýudo boýunça türgenler topary Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilýän dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşýar. Türkmen türgenleri çempionatda özeriniň üstünligini görkezip başlady.

Türgenler toparynyň düzümindäki Hakberdi Jumaýew we Hekim Agammämmedow altyn medalyň eýeleri boldy.

Hakberdi Jumaýew 60 kg agramda çykyş edip, finalda fransuz garşydaşy Rişar Warneni ýenip, altyn medal gazandy.

Hekim Agamämmedow bolsa, 66 kg agramda çykyş edip, gazak türgeni Ermek Amangeldiden üstün çykyp, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 2-nji altyn medalyny gazandyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan medallar sanawynda öňdeligi eýeleýär. Fransiýa, Şweýsariýa we Kuba ýaly döwletlerden öňe saýlandy.

Awstriýadaky ýaryşa 38 döwletden 311 türgen gatnaşýar.

Related posts

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Afganistan Dışişleri Bakanı mültecilere yardım ettiği için teşekkür etti

vepa