JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine bardy. Bu barada rus metbuagty habar berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Moskwadaky dabaralara Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary gatnaşar.

Moskwa şäherinde Ýeňiş gününiň harby ýörişi ýerli wagt bilen 10:00-da başlar we 11:00-da tamamlanar. Dabaraly ýörişden soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we daşary ýurtlardan gelen döwlet Baştutanlary Aleksandrowsk bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýarlar.

Related posts

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

“Instagram” jemgyýetçilik torunyň meşhurlary

Ata Watan Eserleri