BILIM

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýda okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan geçmeýän hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 12-21-nji maýy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okadyljak hünärler we okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
  • soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
  • dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky dil haty;
  • SAT (Scholastic Aptitude Test),  TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) hem-de HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Upper-Intermediate we ondan ýokary okuw şahadatnamanyň asyl nusgasy (akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
  • ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň we ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa);
  • umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy. Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi.
  • Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
  • diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • hytaý dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da hytaý dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

– Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

–     Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).

Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde bolmalydyr.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.

Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçiriler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,

tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda II halkara bäsleşigi geçirildi