Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýar.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menziline baryp gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Bellenen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, soňra bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Kremlden hormatly Prezidentimiz we beýleki belent mertebeli myhmanlar –GDA ýurtlarynyň – baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady.
Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlanýar.
Dünýä taryhynda iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamlaryň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler.