SPORT

Ýewropa Ligasy we Konferensiýa Ligasynyň finalçylary belli boldy

Angliýanyň “Tottenhem” hem-de “Mançester Ýunaýted” toparlary Ýewropa Ligasynyň finalynda duşuşar. Bu toparlar ýarym finalda öz garşydaşlaryndan üstün çykdy.

“Tottenhem” topary Norwegiýanyň “Bude-Glimt” toparyny, “Mançester Ýunaýted” bolsa, Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan “Atletiko Bilbao” toparyny uly hasaplar bilen utdy.

Final duşuşygy 21-nji maýda Ispaniýanyň Bilbao şäherinde geçiriler.

“Tottenhem” topary bu derejedäki kubogyň finalyna 4-nji gezek çykdy. 1972-nji we 1984-nji ýyllarda “Tottenhem” topary bu kubogy gazanypdy. “Mançester Ýunaýted” bolsa, 2017-nji ýylda Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy we 2021-nji ýylda finala çykypdy.

UEFA-nyň gurnaýan ýene-de bir halkara ýaryşy bolan Konferensiýa Ligasynyň finalçylayr hem belli boldy. Onda Angliýanyň “Çelsi” bilen Ispaniýanyň “Betis” toparlary duşuşar.

bu toparlar ilkinji gezek Konferensiýa Ligasynyň finalyna çykdy. “Çelsi” mundna ozal, 2 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny hem-de 2 gezek Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy.

“Betis” topary bolsa, Ýewropa kuboklarynyň finalynda çykyş edip görmedi.

Final duşuşygy 28-nji maýda Polşanyň Wroslaw şäherinde geçiriler.

Related posts

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary başlaýar

Ata Watan Eserleri

“Barselonany” ýeňen “Realyň” futbolçylary 150 müň ýewro baýrak aldy

Türkmen türgenleri Pariž Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler