BIZNES

Türkmenistanyň mazudy eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,5 million we 15 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Maltanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri umumy bahasy $16,5 milliona barabar bolan jemi 30 müň tonna az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Alyjylar nebit önüminiň bir tonnasynyň nyrhyny $551 bahalandyrdylar.

Türkmenistanyň wekili söwdalaryň dowamynda Russiýadan bolan satyjydan A500S görnüşli armaturanyň 1 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşik Türkmenistanyň milli pulunda baglaşyldy. Alyjy rus tarapyna 15 million türkmen manadyny (armaturanyň her tonnasy üçin 15 müň TMT) töledi.

Related posts

Aşgabat bilen Tähran söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirer

Owganystan TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri alyp barar

Halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär