BIZNES

BAE-niň işewürleri Türkmenistandan tehniki ýod satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň iki sany wekili jemi 40 tonna “A” görnüşli tehniki ýody satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Alyjylar harydyň bir tonnasyna $46,9 müň hödürlediler. Geleşikleriň umymy bahasy $1,8 million deň boldy.

BAE-niň ýene-de bir telekeçisi söwdalarda umymy bahasy $181,5 müň bolan boýalan tüýjümek önümleriniň 33 müň kg. satyn aldy.

Related posts

İhaleler: Türkmenbaşı Petrol Rafinerisi’nden ek ünite inşaat ihalesi

vepa

Tomaşa Merkezlerinde Dynç Güni

vepa

Awtomobil ulaglary pudagynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy