BIZNES

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.

Şol maksat bilen-de 2023-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 2023-nji ýylyň 18-nji martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry ýola goýulýandygyny habar berýäris.

Related posts

TSTB-niň agzalary we BMG Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryny birleşdirýärler

Owganystan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunyň möçberini artdyrmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “CASCA +” halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegine işjeň gatnaşýar

Leave a Comment