BIZNES

Dünýäniň iň uly ýel elektrik bekedi

Daniýanyň “Orsted” kompaniýasyna degişli we Angliýanyň kenarynda ýerleşýän “Hornsea 2” deňiz ýel elektrik bekedi doly güýjünde işe başlady. Elektrik stansiýasynyň 1,4 million jaýyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrjakdygy mälim edildi.

Kompaniýanyň beýanatyna görä, kuwwaty 1,3 gigawatdan gowrak bolan elektrik stansiýasy dünýädäki iň uly deňiz ýel bekedi taslamasydyr.

Jemi 165 ýel turbinasyndan ybarat elektrik stansiýasy AngliýanyňÝorkşir şäherinden 89 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Elektrik stansiýasynyň arzan bahadan 1,4 million öýüň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyna garaşylýar.

Related posts

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Azerbaýjanda ýel elektrik bekediniň düýbi tutuldy

Instagram Bäsleşigi : “Makul Sözlük” we “Atavatan” Applikasiýasy

Ata Watan Eserleri