BIZNES

BAE-de dik ekinzarlyk taslamasy

Göz öňüne getiriň, mundan soň ekerançylyk meýdanlary birnäçe gektar giňlige däl-de, birnäçe metr beýiklige uzar. Ýagny ekin häzirkisine görä wertikal görnüşde ― dikligine ýetişdiriler. Eýýäm bu babatynda käbir tutumlaryň hem başy başlandy.

Ysraýylyň «Vertical Field» kompaniýasy «Emirates Smart Solutions and Technologies» kompaniýasy bilen Birleşen Arap Emirliklerinde dikligine ekin ýetişdirmegiň tutuş bir ulgamyny döretmek boýunça ylalaşyga geldi.

Bu taslama ýerli bazar üçin elýeterli we ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmäge ýardam berer. Taslama üstünlikli amala aşyrylansoň, goňşy döwletleriň hem birnäçesinde şeýle taslamalara girişmek meýilleşdirilýär. Birleşen Arap Emirliklerindäki ilkinji toplum bolsa Umm el-Keýwaýne şäherinde gurlar.

Arap tarapynyň nygtamagyna görä, bu hyzmatdaşlyk iňňän bähbitli bolar. Ösümllikleri dikligine, sütünleýin görnüşde ýetişdirmek howa şertleriniň täsirini ozalkysyndan has peselder. Şol bir wagtyň özünde bu tutum, ýokary, galyndysyz önümçilige mümkinçilik berer. Arap bilermenleri önümçilikde ösen Ysraýyl tehnologiýalarynyň ulanylmagy uzak möhletleýin ygtybarlylygy üpjün eder diýen pikirde.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar