JEMGYÝET

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 2006-njy ýylyň aprelinde gaz pudagynda  hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky baş şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşmagynda “Türkmenistan-Hytaý Halk Respublikasy:Gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şol maslahatda edilen çykyşlarda türkmen-hytaý gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gyzykly maglumatlr berildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň ýylýazgysy:

  • 2007-nji ýylyň 29-njy iýuly – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyna badalga berildi.

  • 2007-nji ýylyň iýuly – «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy kompaniýasy bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekildi.

  • 2009-njy ýylyň 14-nji dekabry – Uzynlygy 7000 kilometrden gowrak bolan serhetüsti Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanmaga berildi.

  • 2013-nji ýylyň sentýabry – «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde gurlan, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz kuwwaty bolan döwrebap desgalaryň açylyşy boldy.

  • 2022-nji ýylyň iýuny – «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň günbatar bölegindäki gaz känlerinden alynýan tebigy gazy jemleýän «Gadyn» gaz gysyjy desga işe girizildi.

  • 2026-njy ýylyň apreli – «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» käniniň IV tapgyrynyň çäginde, ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürýän guýulary we tebigy gazy taýýarlaýjy desgany taslamalaşdyrmak hem-de «doly taýýar» edip gurmak baradaky Şertnama gol çekildi.

  • 2007-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdiler. Potratçy iki sany gazy gaýtadan işleýän zawodyň, gazy deslapky taýýarlaýyş desgasynyň we degişli düzümleriň gurluşygyna 10,7 milliard dollar maýa goýdy.
  • Amyderýanyň sag kenarynda gaz çykaryşynyň umumy möçberi 190 milliard kub metre ýetdi. Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda 13 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýup, 1,4 milliard dollar möçberinde salgytlary we ýygymlary töläp hem-de 8 000-den gowrak ýerli iş ornuny döredip, durmuş borçnamalarymyzy yzygiderli ýerine ýetirdi.
  • Häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde 8 700 adam işleýär, olaryň 90 göteriminden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr.
  • Hytaý tarapy taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde taýýarlykly türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagyny yzygiderli giňeldýär we ýaş türkmen raýatlaryny Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa ibermek bilen hünärmenleri taýýarlamak baradaky borçnamalaryny berjaý edýär.
  • CNPC kompaniýasy 200-e golaý talyp üçin talyp haklaryny berdi we tejribe okuwlaryny gurady, şeýle hem 56 000-den gowrak türkmen hünärmeniniň hünär kämilleşdiriş okuwyny geçmegine goşant goşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi