JEMGYÝET

Türkmenistan Germaniýa yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Tatarystanyň Kazan şäherinden soňra “Türkmenistan” awiakompaniýasy Germaniýanyň Frankfurt şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugy habar berdi.

Awiakompaniýanyň sorag-jogap gullugynyň habar bermegine görä, uçar gatnawlary her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat ugyr boýunça ýerine ýetiriler. Berlen maglumata görä, awiapetekleri Aşgabadyň awiakassalaryndan satyn almak bolar.

Türkmenistandan Germaniýa biletiň bahasy 5705 manat, Germaniýadan Türkmenistana bolsa 6070 manat.

Ýolagçy gatnawlary koronawirus pandemiýays sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli 2 ýyldan gowrak wagtdan soňra täzeden dikeldildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy kem-kemden halkara uçar gatnawlary dikeldýär. Dubaýdan, Kazandan we Moskwadan soňra Frankfurt şäherine hem uçuşlar başlaýar.

Related posts

Türkmen-türk konsullyk geňeşmeler geçirilýär

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Diplomatlar «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy