DÜNÝÄ

Ministr: Azerbaýjan Gruziýanyň ykdysadyýetine 4 milliard dollar maýa goýdy

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynda oňyn ösüş depgini görünýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Azerbaýjan bilen Gruziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 900 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň umumy görkezijisinden ýokarydyr.

“AZERTAC”-yň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gruziýaly kärdeşi Maka Boçorişwili bilen geçiren bilelikdäki metbugat maslahatynda aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, Azerbaýjanyň Gruziýanyň ykdysadyýetine goýýan maýa goýumlarynyň umumy möçberi 4 milliard ABŞ dollaryna deňdir. Şol möçberiň 2,1 milliard dollary SOCAR kompaniýasynyň paýyna düşýär.

Şol bir wagtyň özünde, Gruziýanyň Azerbaýjanyň ykdysadyýetine goýan maýa goýumlarynyň möçberi 460 million dollara deňdir.

«Dünýäde bolup geçýän wakalar we bar bolan meseleler Azerbaýjan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulag-logistika geçelgelerine bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Bu geçelgeler arkaly daşalýan ýükleriň möçberiniň her ýyl artýandygyny görýäris» diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Related posts

Türkmen-täjik söwda gatnaşyklary işjeňleşdiriler

Farah Kariminiň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy