DÜNÝÄ

Türkmen-täjik söwda gatnaşyklary işjeňleşdiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda, dokma we hususy pudaga gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew bilen Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzado Wafonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda döwlet we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ykdysadyýet, söwda we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy hem nygtaldy we işewür toparlaryň we telekeçileriň özara sergilere we işewür forumlara işjeň gatnaşmagy tassyklandy.

 

 

Related posts

“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrar

Bu ýerde iň pesi, dünýäde iň beýigi

Türkmenistan’dan İranýa taziye

vepa