DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşigiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça geçirilýän yzygiderli gatnaşyklaryň muňa oňyn itergi berýändigi hem nygtaldy.

Hususan-da, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň, şeýle-de «Merkezi Aziýa-Koreýa» köptaraplaýyn formatyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň ähmiýeti hem bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisiniň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Milli Liderimiz «ýaşyl ösüş» ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy