DÜNÝÄ

Ahalteke atçylyk toplumynyň çapuw ýodalaryna Garagum sährasynyň çägesi düşeler

Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gerimi bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant boljakdygyny belledi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Halk Maslahatynyň Başlygy çapuw ýodalaryna düşelýän örtügiň özboluşly aýratynlyklary barada aýdyp, olar üçin Garagum sährasynyň çägesini ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Munuň özi taryhyň dowamynda atçylyk babatda toplanan tejribäniň we milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Related posts

Fuat Oktaý: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyrys

Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi