BIZNES

Balkan welaýatynda döwrebap elektrik stansiýasy gurlar

Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyna toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar. Şeýlelikde, türkmen energiýasyny sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy pugtalanar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligi ýokarlanar we täze iş orunlary dörediler.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler