BIZNES

Türkmen-fransuz işewürlik duşuşyklary

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda paýtagtymyza gelen Fransiýa Respublikasynyň Telekeçiler assosiasiýasynyň, iri halkara we fransuz kompaniýalarynyň agzalaryndan ybarat wekiliýetiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşyklary geçirildi. Onda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fransiýadan paýtagtymyza gelen işewür wekiliýetiň düzüminde «Bouygues Batiment International», «Rothschild & Co», «Airbus», «Alstom», «CLAAS Tractor», «Dassault Aviation», «Geismar», «Quantum International», «MBDA», «Sanofi», «Thales», «Schneider Electric» ýaly, dünýäniň örän iri kompaniýalarynyň 20-ä golaýynyň ýolbaşçylary, bu ýurduň ykdysadyýet, söwda we telekeçilik boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri hem bar.

Soňky ýyllarda türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan fransuz işewürleri bilen gatnaşyklar has işjeň ýola goýuldy. Ady agzalan kompaniýalaryň käbiri indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Paýtagtymyzda iki günlük iş saparynda bolýan fransuz işewürleri düýn 17-nji martda badalga alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä hem gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy