DÜNÝÄ

Wladimir Putin sapar bilen Hytaýa bardy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaý Halk Respublikasynyň çakylygy boýunça iki günlük sapar bilen bu ýurda bardy.

Russiýanyň Prezidentiniň Pekin şäherindäki saparynyň meýilnamasy köp sanly duşuşyklary özünde jemleýär. Putiniň saparynyň ilkinji gününde HHR-niň Başlygy Si Szinpin hem-de “Bir guşak-bir ýol” III halkara forumyna gatnaşmak üçin gelen döwlet ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Putiniň Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyong, Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri Setth Thawisin, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh we Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

18-nji oktýabrda Týananmen meýdanyndaky halk geňeşiniň öýünde halkara forumyň esasy çäreleri geçiriler. Bu çäreleriň açyylş dabarasyna gatnaşjak Wladimir Putin Pakistanyň Premýer-ministri Anwaar-ul-Hak Karar bilen hem duşuşar.

Rus Lideri saparynyň jemleri boýunça rus žurnalistleri bilen duşuşyp, saparynyň jemleri boýunça beýanat berer.

Related posts

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji maslahaty öz işine başlaýar

ABŞ-nyň wise-prezidentiniň Azerbaýjana saparynyň senesi belli boldy

Ata Watan Eserleri