DÜNÝÄ

Taryhy birleşme

«Fiat Chrysler» (Italiýa-Amerika) we «Pegugeot S.A» (Fransiýa) kompaniýalary 2020-nji ýyldan başlap güýçlerini birleşdirer. Häzir ortatap ulag öndürijiler hasaplanýan bu iki kompaniýanyň birikmesinden soňra bir ýylda 8,7 million awotulag öndürip bilýän läheň bir kompaniýanyň emele gelmegine garaşylýar.

Paýnamalary 50/50 paýlaşyljak we gysgaça FCA-PSA diýlip atlandyryljak kompaniýanyň dolandyryş edarasy kompaniýalaryň ikisine-de bitarap döwletde ― Niderlandiýada ýerleşer. Fransiýada, Italiýada we ABŞ-de bolsa onuň dolandyryş merkezleri açylar.

Täze kompaniýa “Alfa Romeo”, “Chrysler”, “Dodge”, “Fiat”, “Jeep”, “Lancia”, “Ram”, “Maserati”, “Peugeot”, “Citroën”, DS, “Opel” we “Vauxhall” kysymly awtoulaglary bir ýere jemlär. Bilelikdäki topar PariŽiň, Milanyň we Nýu-Ýorkyň birŽalarynyň sanawyna goşular.

Related posts

Gazagystanyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

Türkmenistanyň ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Bir günde “El Kapitan” dagyna çykan ilkinji zenan hökmünde taryha girdi

Ata Watan Eserleri