DÜNÝÄ

ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset boldy

ABŞ-nyň Senaty Pit Hegsetiň goranmak ministrei wezipesine tassyklanmagyny 50-51 ses bilen kabul etdi.

Pit Hegset 1980-nji ýylda Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde doglan. Ol Prinston uniwersitetinde syýasat boýunça bakalawr derejesini, Garward uniwersitetinde bolsa jemgyýetçilik syýasaty boýunça magistr derejesini aldy.

Hegset ABŞ-nyň Milli Gwardiýasynda gulluk edip, Guantánamo, Yrak we Owganystandaky gulluklary üçin  sylaglara eýe boldy.

Şeýle-de, ol “Fox News Channel”-iň tanymal gepleşigi bolan “Fox & Friends Weekend”-iň bilelikdäki alyp baryjysy bolup, syýasy we harby meseleler boýunça garaýyşlary bilen tanalýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Kerki howa menzili halkara şahadatnamalara eýe boldy

BSG-niň wekiliýeti Türkmenistana geler