DÜNÝÄ

Jeýhun Baýramow: Awaza sammiti taryhy ähmiýete eýedir

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň taryhy ähmiýete eýedigini belledi.

Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy düýn “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Gämi” myhmanhanasynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşypdy.

Ministr 2022-nji ýylda Azerbaýjanyň hem Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ýola gýlan diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolandygyny mälim etdi. Geçen döwürde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejede we okgunly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň özeninde bolsa, umumy taryh, medeniýet we dil umumylyklarynyň bardygy mälim edildi.

Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýola goýlan özara ynanyşmagynyň möhümdigini bellän Jeýhun Baýramow ykjam gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini mälim etdi.

Awazadaky sammitiň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, birinji sammitiň bilelikdäki beýannamasynyň, energetika, söwda, ykdysadyýet, gümrük, ylym, bilim, medeniýet ýaly ulgamlarda gol çekiljek üçtaraplaýyn resminamalaryň özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalar boljakdygyny nygtady

Jeýhun Baýramow 3 ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar