DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmonyň oýlanşykly başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda yzygiderli giňeldilýän Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara platformasyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda    BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Türkmen tarapy parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga möhüm goşant goşan maslahatyň, şol sanda Parlament forumyň işine täjik parlamentarileriniň işjeň we netijeli gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi tejribe alyşmaga, häzirki sebit we halkara meseleler boýunça ylalaşylan pozisiýalary ösdürmäge we halkara bileleşiginde birek-biregiň döredijilik başlangyçlaryny goldamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Taraplar parlament mehanizmleriniň çäginde, şol sanda parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň üsti bilen özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda netijeli tagallalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary