JEMGYÝET

Awaza sammiti: Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirilýär. Sammit Hazaryň kenaryndaky «Awaza» kongresler merkezinde geçiriljek sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Düýn gije Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Sammitde 3 ýurduň arasynda energetika, ulag, söwda we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Sammitiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistan’dan Türkiye’ye Taziye

vepa

2024-nji ýyl: diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment