DÜNÝÄ

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Türkiýe tarapyndan 15-nji iýulda bellenilýän — Demokratiýa we milli agzybirlik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärä geçirildi. Çärä gatnaşyjylara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ilçi mundan on ýyl ozal Türkiýede bolup geçen wakalar barada durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bu wakalar Türkiýäniň iň täze taryhynda möhüm sahypa öwrüldi we döwlet derejesindäki — Demokratiýa we milli agzybirlik güni derejesine eýe boldy.

Ilçi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk dostlukly gatnaşyklar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Ol türk halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň resmi böleginiň barşynda gurban bolanlaryň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.

Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň, myhmanlar Demokratiýa we milli agzybirlik gününe bagyşlanan fotosergi bilen tanyş boldular.

Ýene-de okaň

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy