MEDENIÝET

Medeniyet hepdeligine işjeň taýýarlyk görülýär

Medeniyet hepdeligine gatnaşyjylar Mary welaýatyna geldiler. Ozal hem habar berlişi ýaly, Medeniyet hepdeligi şu ýyl Mary welaýatynda geçiriler.

22-nji iýunda başlanjak hepdeligiñ myhmanlary Mary welaýatyna gelip, Mary we Baýramaly şäherlerindäki myhmanhanalarda ýerleşdiler. Gadymy Mary topragynda ýurdumyzyñ çar künjünden gelen medeniýet we sungat işgärleri myhmansöýerlik bilen garşylanyldy.

Şu günler paýtagtymyzyñ we ýurdumyzyñ welaýatlarynyñ medeniýet wekilleri dabaralaryñ geçiriljek ýerlerinde taýýarlyk işlerini dowam edýärler.

Hepdeligiñ baý maksatnamasy düzüldi.Onuñ dowamynda konsertler, sergiler, teatr görkezilişleri, kino günleri, media forumlary we beýleki köpsanly çäreler geçiriler. Hepdelik öz işini 27-nji iýunda tamamlar.

Taýýarlan:Aýjemal Gaýlyýewa.

 

«Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­giniň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

 

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy