SPORT

Habibiň dogany Abubakar ýeňiş gazandy

Rus garyşyk söweş sungaty türgeni (MMA) Abubakar Nurmagomedow ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen “UFC 260” ýaryşynda amerikaly Jared Gudeni ýeňdi.

Rus türgeniň amerikaly garşydaşyny ýeňendigi eminleriň biragyzdan kabul edilen karary esasynda belli boldy. Abubakar Nurmagomedowyň sekundanty onuň doganoglany ýeňil agramdaky dünýä çempiony Habib Nurmagomedow boldy.

Abubakar Nurmagomedow “UFC” ýaryşynda ikinji tutluşygyny geçirdi. Ol 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Moskwa şäherinde geçiren ilkinji tutluşygynda germaniýaly Dawid Zawaddan ýeňlipdi. Rus türgeniň MMA derejesinde 16 ýeňşi, 3 ýeňlişi we bir deňme-deňligi bar.

Powetkin bu gezek ýeňildi

Related posts

Çempionlar Ligasy bijeleri: “Bawariýa – PSŽ”

Ata Watan Eserleri

Iň köp girdeji gazanan futbol topary

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň dünýä çempionatyndaky nobatdaky rekordlary